Belent maksatly, döwletli tutumlar

5 Iýun 2024
340

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda belent maksatly, döwletli tutumlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini geçen hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen wakalar hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 30-njy maýda Arkadag şäherine amala aşyran iş sapary netijeli häsiýete eýe boldy. Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimize bu ýerde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi köp sanly ýaşaýjylaryň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda şäherde halyçylyk kärhanasyny gurmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Gahryman Arkadagymyz bu teklibiň oňyn başlangyçdygyny aýdyp, ony hormatly Prezidentimize ýetirjekdigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýaş nesilleriň saglygyny goramakda gaznanyň alyp barýan işleri barada aýratyn durlup geçildi. Maslahatyň barşynda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalara lukmançylyk enjamlarynyň sowgat berilýändigi barada hem habar berildi. Ýeri gelende bellesek, düýn Daşoguz welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň önümi bolan 2 sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

«Daşoguz habarlary».