Ýürekler buýsançdan doly

5 Iýun 2024
246

Serdar Myradow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap geňeşiniň başlygy:

— Ýurdumyzyň her bir güni şatlyga beslenip, toýlar goşadan tutulýar. Bilşimiz ýaly, ata Watanymyz Türkmenistan bagtly çagalygyň, çaga arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwrüldi. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli etrabymyzda çagalaryň medeniýetli dynç almaklary üçin «Arkadagly nesiller» çagalar medeni dynç alyş merkeziniň ulanmaga berilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda döwletimizde ýaş nesil barada edilýän aladanyň subutnamasydyr. Çagalaryň dynç almagy üçin ähli şertler döredilen döwrebap merkez ösüp gelýän ýaş nesliň wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmegine ýardam eder. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz dillerimiziň senasydyr.