Tebigaty goralyň!

5 Iýun 2024
944

Tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsinden aýawly peýdalanmak, onuň baýlyklaryny gorap, gözelliklerini  geljekki nesillere  miras goýmak üçin ata-babalarymyz uly alada edipdirler. Suwa, ýere, baglara, haýwanat  dünýäsine seresap çemeleşmelidigini ündäpdirler.

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat  dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy goramak  boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Gök zolaklary döretmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly käbir ýüze çykýan ýagdaýlara garşy  göreşmek baradaky  bütindünýä işine ägirt uly goşantdyr.

Bilbil GURBANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň tebigat gözegçisi.