Täze jaýlaryňyz gutly bolsun!

27 Maý 2024
269

Türkmenistanda 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, her ýylda paýtagtymyzda hem ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaşaýyş, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň ençemesi açylyp, ulanylmaga berilýär. Aşgabat ajaýyp binagärlik sazlaşygy bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen gün-günden gözelleşýär. Şäher düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň etraplarynyň durky tutuşlygyna täzelenildi, täze iri ýaşaýyş toplumlary emele geldi, durmuş hem-de beýleki maksatly köp sanly desgalar guruldy.

Şu ýylyň 25-nji maýynda hem paýtagtymyzda täze binalaryň birnäçesiniň açylyş dabarasy boldy. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýy açylyp, ulanylmaga berildi.

«Watan».