Ajaýyp sungata sarpanyň dabarasy

27 Maý 2024
469

Welaýatymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

Garaşsyz ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda, bilim, medeniýet merkezlerinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreler birnäçe gün dowam edip, olara bu sungatyň janköýerleri, ýaşlar, ussat halyçylar uly höwes bilen gatnaşdylar. Düýn baýramçylyk mynasybetli, Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen dabara köpleriň ünsüni çekip, ildeşlerimizde ýakymly täsirleri galdyrdy.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Atažan ODAÝEW.