Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň şäheri

27 Maý 2024
531

Ulus-ilimiz Aşgabat şäheriniň gününi şatlyk-şowhun bilen belläp geçdi. Şol sanly günlerde Aşgabat şäheriniň Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýlip yglan edilendigi hakdaky habary eşidip, toý şatlygymyz has-da goşalandy. Paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Çözgüt ýurdumyzyň baş şäheriniň halkara derejesindäki şan-şöhratyny has-da dabaralandyrdy.

Aşgabat bu gün gaýtalanmajak keşbi bilen dünýäni haýrana goýýar. Aşgabadyň häzirki zaman keşbi ylmyň döwrebap gazananlaryna, binagärlik we şähergurluşyk tejribesiniň öňdebaryjy nusgalaryna, ýaşaýyş-durmuş, inžener-tehniki üpjünçiliginiň kämil innowasion çemeleşmelerine hem-de millilik keşbine daýanýar. Paýtagtymyzyň keşbine bezeg çaýýan binadyr desgalaryň, ymaratlaryň her birinde özboluşly äheňler bar. Aşgabadyň bezegini artdyrýan sport desgalary bolsa, halkara derejedäki sport ýaryşlaryny guramaga we üstünlikli geçirmäge giň şertleri döredýär. Geçen ýyllarda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen iri ýaryşlar hem şeýle diýmäge esas berýär.

Nurana ORAZMUHAMMEDOWA,
Ahal welaýat Maliýe-ykdysady orta hünar okuw mekdebiniň mugallymy.