20-nji maýda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň mejlisler zalynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji Demokratik partiýa guramasynyň başlygy Gurbanmämmet Rejepowyň alyp barmagynda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň jogapkär işgäri, polisiýanyň podpolkownigi Nepesgylyç Halymow, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekili Akbibi Täçmämmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary Hydyr Myradow, şeýle hem degişli partiýa guramalaryň wekilleriniň birnäçesi çykyş etdiler.