Türkmen agyr atletikaçylarynyň üstünligi

27 Maý 2024
431

22 — 26-njy maý aralygynda Perunyň Lima şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionaty geçirildi. Dünýäniň 50 döwletinden 280-den gowrak türgeni bir ýere jemlän bu ýaryşda türkmen agyr atletikaçylary hem üstünlikli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Has takygy, 49 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Ogulşat Amanowa üç medala mynasyp boldy. Ol öz agram derejesinde silterläp götermekde 77 kilogram netije bilen kiçi altyn, itekläp götermekde bolsa 91 kilogram görkeziji bilen kiçi bürünç medala eýelik etdi. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça 168 kilogram görkeziji bilen uly kümüş medala mynasyp boldy.

Mundan başga-da, 67 kilograma çenli agram derejede çykyş eden türkmen türgeni Didarbek Jumabaýew itekläp götermekde 155 kilogram görkeziji bilen kiçi bürünç medalyň eýesi boldy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 372 kiogram (117+155) netije görkezip, dördünji orny eýeledi.

Taýýarlan: Saparly ÇARLYÝEW,
TDBGI-niň mugallymy.