«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde sport syýasatyna uly üns berilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygaryndan ugur alyp, mähriban halkymyz yzygiderli sport bilen meşgullanyp, saglygyny berkidýärler. Şeýle hem, ýaş ýetginjeklerimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ýurdumyzda we daşary döwletleriň arasynda geçirilýän halkara sport bäsleşiklerine gatnaşyp, sport başarnyklaryny görkezip, Türkmenistanyň sport abraýyny goraýarlar. Şeýlelikde, sport bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistan döwletimiziň sagdyn ösüşiň we sagdyn ýaşaýşyň mekanydygyna şaýatlyk edýär.