Şu gün — Aşgabat şäheriniň güni

25 Maý 2024
558

Aziýanyň merjeni gözel paýtagtymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dürli ugurly we köptaraply wakalarynyň ajaýyp pursatlaryna sazlaşan şanly sene — Aşgabat şäheriniň güni ýurdumyzda giňden dabaralandyrylýar. «Soňky jan» dabarasy bilen utgaşykly bellenilýän bu taryhy gün halkymyzyň kalbynda döwletimize bolan buýsanjy has-da artdyrýar. 

«Daşoguz habarlary».