Döwrüň döwrebap şäheri

24 Maý 2024
229

Asyl zandy halallyga ýugrulan halkymyz ozaldan özüniň sogaply ýörelgeleri bilen tanalyp gelipdir. Türkmeniň guran beýik binalary, depesi göge ýetýän minaralary pederlerimiziň binagärlik senediniň köküniň juda alyslara uzaýandygyndan habar berýär. Nesillerimize ebedi miras galan şol senet bu günki gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde beýik sungat derejesine ýetirildi.

Häzirki zaman şertlerinde sazlaşykly ösüş döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýar. Umumy ykrar edilen tejribä laýyklykda, paýtagt ýurduň dolandyryş edaralarynyň ulgamyny özünde jemleýän merkez hökmünde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Çünki paýtagt döwletiň dolandyryş-syýasy merkezi bolup durýar. Sebitde iri işewürlik we medeni merkez hökmünde ornuny pugtalandyrýan Aşgabadyň halkara hyzmatdaşlygyň mekany hökmünde ykrar edilmegi parahatçylygy dörediji merkeziň, döwrebap we sazlaşykly ösýän şäheriň derejesine eýe bolýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Bägül ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.