Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlarynyň el hünäriniň we nesil terbiýesiniň dünýäde dabaralanmasy» atly maslahat geçirildi. Oňa dürli ugurlarda zähmet çekýän gelin-gyzlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we mährem eneler gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda el işi sungatynyň aýratynlyklary, ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat, olaryň hukuklaryny goramak ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi aýdyldy. Mundan başga-da, türkmen zenanlaryna görüm-görelde bolan Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň öz eli bilen işen alajalary, ören joraby we bary-ýogy 20 günde bejeren kürtesi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de Döwlet Baştutanymyzyň käbesi, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň ussatlyga ýugrulan işleriniň ýaş nesiller üçin terbiýe mekdebidigini buýsanç bilen bellediler.