Gyzylarbat etrabynyň Janahyr şäherçe medeniýet öýünde «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşigiň Gyzylarbat etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Milli geňeşi tarapyndan yglan edilen bäsleşige zergärçilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiz gatnaşdylar.
Türkmeniň zergärçilik sungatynyň milli aýratynlygyny açyp görkezmek, zergäriň döredijilik ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, ýaşlarda zähmetsöýerligi ösdürmek hem-de zergärçilik sungatyna höwesi ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde oňa gatnaşyjylar senetçiligiň nesilden-nesle geçip gelýän däpleri, milli şaý-sepler, at esbaplarynyň zergärçilik bezegi barada gürrüň berdiler, ýaňlanan aýdymyň dowamynda zergärçilik işiniň bir bölegini ýerine ýetirmek boýunça başarnygyny görkezdiler, şeýle-de öz döreden işiniň özboluşlylygyny çeper sözüň, goşgynyň, aýdymyň, gazallaryň üsti bilen wasp etdiler, öz sünnäläp ýasan işleriniň sergisini guradylar. Netijede, Azatgül Atagulyýewa hem-de Arslan Garryýew ýeňiji bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.