Polşanyň Poznan şäherinde ýerleşýän Adam Miskewiç adyndaky uniwersitetiň kitaphanasynda saklanýan doganlar Ýakob we Wilgelm Grimmleriň şahsy kolleksiýasyndan olaryň golýazma bellikleri bolan 27 sany jilt tapyldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň «Daily Mail» neşiri habar berýär.
Doganlar Grimmleriň golýazma bellikleri, olaryň döredijiligini öwrenýän barlag geçirijiler üçin gaty möhümdir. Ikinji jahan urşy ýyllarynda Grimmleriň kitaphanasyndan ýitirilen diýlip hasaplanan eserleriň gözlegi ýarym ýyla golaý wagt dowam etdi. Tapylan kitaplarda doganlaryň «Genzel we Gretel» hem «Rumpelştilshen» ýaly hekaýalar üçin mowzuklary nähili saýlap alandyklaryny görkezýän golýazmalar bar.