Buker baýragyna mynasyp boldy

24 Maý 2024
188

Nemes ýazyjysy Jenni Erpenbek iňlis dilinde çap edilen «Kaýros» romany üçin Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Bu eserde 1980-nji ýyllarda Gündogar Berlinde bolup geçen wakalar çeper beýan edilýär.

– Kitapda söýgi temasyndan başga-da, häkimiýet, sungat we medeniýet hakynda gürrüň gozgalýar – diýip, Londonda geçirilen dabarada ýeňijiniň adyny mälim eden emin agzalarynyň başlygy Eleonora Wahtel belledi. Jenni Erpenbek we eseri iňlis diline terjime eden Mihael Hofmann 50 müň funt sterling (takmynan 64 müň dollar) pul baýragyny öz aralarynda paýlaşarlar. «Kaýros» 57 ýaşly ýazyjynyň 2021-nji ýylda çap edilen we 2023-nji ýylda iňlis diline terjime edilen dördünji we häzire çenli iň soňky romanydyr.