Sport

23 Maý 2024
356

Woleýbol boýunça ýaryşlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri» diýen at bilen oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Daşoguz şäherindäki 6-njy sport mekdebinde geçirilen bu ýaryşa Daşoguz şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.