Myhmanlaryň «akylly» şähere gezelenji

22 Maý 2024
246

Geçen şenbe güni Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara maslahatlara, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine gatnaşyjy myhmanlar ekologiýa taýdan arassa hem-de sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherine geldiler.

Myhmanlar, ilki bilen, «akylly» şäheriň günortasyndaky «Akhan» binasynyň gurluşy bilen tanyş boldular. Soňra «akylly» şäheriň beýleki ýerlerine baryp gördüler. Gezelenjiň dowamynda myhmanlar ajaýyp şäheriň iň gözel ýerleriniň biri bolan Taryhy-medeni seýilgähe hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp gördüler.