Öňdeligi saklaýar

22 Maý 2024
305

Ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň 16-njy tapgyrynda Marynyň «Energetigini» kabul eden «Arkadag» topary 6-0 hasap bilen ýeňiş gazandy. Oýnuň 30-njy minutynda Resul Hojaýewiň garşydaş derwezä geçiren goly bilen hasap açyldy. Ondan bary-ýogy 5 minut soň, Arzuwguly Sapargulyýew hem «Energetigiň» derwezesine bir pökgi saldy. 47-nji, 49-njy minutlarda bolsa, gol sany bilen tapawutlanmagy başarýan Didar Durdyýewiň awtorlyk etmeginde 2 gezek pökgi garşydaş derwezä girdi. Begmyrat Baýow 51-nji minutda, Mekan Saparow 77-nji minutda geçiren gollary bilen öz toparlarynyň ýeňiji bolmagyna goşant goşdular.

Şeýle-de düýn «Arkadag» futbol topary bilen «Merw» duşuşdy. Çekeleşikli geçen bu oýunda ýene çempion topar ýeňiji boldy. Arkadag şäheriniň adybir topary 2-0 hasap bilen möwsümdäki utuk sanyny 45-e ýetirdi.

(Ýörite habarçymyz).