Sport — sagdynlygyň sakasy

22 Maý 2024
342

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamzada ähli işde aýratyn güýç-kuwwat, ruhy galkynyş, egsilmez joşgun paýlaýar. Şulary özünde jemlän berk bedenli, sagdyn ruhly ynsanlar şu günüň hazynasy bolmak bilen, geljegiň mynasyp dowamatyny döredijilerdir. Edil şonuň ýaly-da, sporty hemra edinen sagdyn bedenli raýatlar döwletiň iň gymmatly baýlygydyr.

Häzirki döwürde ýurdumyz sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň, iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän abraýly merkezine öwrüldi. Bu, elbetde, şanly Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň döwletimize eçilen ajaýyp miweleriniň nyşanydyr. Ýurdumyz sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Bilşimiz ýaly, ýakynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşy hem türkmen sportunyň dünýä derejesindäki belent abraýyny has-da pugtalandyrdy. Bu sport ýaryşynda «Galkan» toparynyň gazanan ýeňşi bolsa, türkmen türgenleriniň ezberliginiň hem-de Türkmenistanyň iri ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülýändiginiň, ýurdumyzyň şeýle ugurdaky halkara sport ýaryşlaryny ýokary derejede guramagy başarýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

«Esger».