Yhlas — üstünligiň gözbaşy

22 Maý 2024
400

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň arasynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek maksady bilen sport ýaryşlary geçirildi. Bu ýaryşda bäsdeşler sportuň «Bodibilding (kenarýaka görnüşi)», «Armrestling (el göreşi)», agyrlyk daşlary götermek, «Mas-restling», «Pauerlifting» ýaly görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Örän çekeleşikli ýagdaýda geçen bu ýaryşda dürli agramlar boýunça türgenler çykyş etdiler. Bäsleşige Harby institutyň harby talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Olardan 3-nji ýyl harby talyby Ybraýym Taşliýew sportuň «Mas-restling» görnüşi boýunça 105 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji, 4-nji ýyl harby talyby Abdyrahman Nurgeldiýew sportuň «Pauerlifting» görnüşi boýunça 66 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji, 5-nji ýyl harby talyby Çaryýar Zakirjanow sportuň «Pauerlifting» görnüşi boýunça 83 kilogram agramda çykyş edip, 3-nji, 3-nji ýyl harby talyplar Babajan Bäşimow, Sanjar Jomardow sportuň «Bodibilding (kenarýaka görnüşi)» görnüşi boýunça çykyş edip, baýrakly 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp boldular. Harby talyplaryň bu üstünligi olaryň irginsiz zähmetiniň we yhlasly türgenleşiginiň miwesidir. Sport bäsleşiginiň ahyrynda baýrakly orunlara mynasyp bolanlara we türgenleri bäsleşige taýýarlan halypalara Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Arslan SAPAROW,
podpolkownik.