Gujur-gaýratly ezberler

22 Maý 2024
405

Ynsan saglygyny ähli zatdan möhüm hasaplaýan, ýaşlaryň hem-de ýetginjekleriň berk bedenli, ahlak taýdan arassa, Watana wepaly nesil bolup ýetişmeklerini alada edinýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin oňaýly şertleri döredip berýär. Häzirki wagtda türkmen türgenleri sport ulgamynda ýokary netijeleri gazanýarlar. Olar döwletimiziň abraýyny artdyrmakda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşup, ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parladýarlar. Ýaňy-ýakynda Özbegistanda Eýranyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň toparlarynyň gatnaşmagynda Karate-do-nyň WKF görnüşi boýunça geçirilen halkara bäsleşikde hem harby türgenlerimiz özleriniň ezberliklerini görkezip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Toparlaýyn bäsleşikde gara guşagyň eýeleri — tejribeli türgenler, uly leýtenant Güýç Gökow, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Maksat Ödäýew we borçnama boýunça harby gullugyň uly seržanty Şatlyk Tekäýew dagy baýrakly 2-nji orna eýe bolmagy başardylar. Ýekebara tutluşykda bolsa, sport ussady, uly leýtenant Güýç Gökowyň halypalyk etmeginde harby talyp Daýanç Keletliýew ussatlyk görkezip, baýrakly 3-nji orny eýeledi. Şeýle-de halypa tälimçi, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Annageldi Rahymowyň Aziýa Karate federasiýasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda tälimçileriň arasynda geçirilen synaga gatnaşyp, bu synagy üstünlikli tabşyryp, 3 ýyllyk möhlet bilen «Aziýa döwletleriniň tälimçisi» diýen hormatly ada mynasyp bolmagy ählimizi buýsandyrdy.

Serdar SAPAROW,
borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.