Pyýadalaryň howpsuzlygy derwaýysdyr

22 Maý 2024
208

Welaýat merkezimiziň köçelerinde pyýadalar bilen bagly ýol-ulag hadysalaryň öňüni almakda degerli işleri geçirýäris. Sebäbi, bu meseläniň bähbitli çözgüdi pyýadalaryňam, sürüjileriňem maşgalalarynyň abadançylygyny, ömürleriniň rahatlygyny kepillendirýär.

Bölümçämiziň gözegçileri şäherimiziň köçelerine berk gözegçiligi ýola goýýarlar. Pyýadalar bilen bagly ýol-ulag hadysalaryny aradan aýyrmak pyýadalaryň sürüjiler bilen sazlaşykly hereketlerine baglydyr. Beýle diýildigi sürüjileriňem, pyýadalaryňam köçe-ýol hereketinde bellenilen talaplary berk berjaý etmelidiklerini aňladýar. Has takygy, pyýada köçe-ýollary diňe bellenilen ýerlerden kesip geçmelidirler. Ýanýodalardan, olar ýok ýerinde köçe-ýoluň gatnawsyz zolagyndan ýöremelidirler. Gözegçilerimiz şu mesele bilen bagly düşündiriş işlerine-de uly üns berýärler. Biz şeýle çärelerimizde raýatlara köçe-ýol hereket howpsuzlygynyň kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň maşgala abadançylygynyň kepilidigini anyk mysallara salgylanyp nygtaýarys.