Parahatlygyň, asudalygyň, agzybirligiň nyşany

22 Maý 2024
308

Ynsan durmuşynda mukaddeslik hökmünde garalýan zatlar bolýar. Şolaryň içinde esasylarynyň bir hökmünde mukaddes Tugumyzy buýsanç bilen agzamak bolar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky Döwlet baýdagynyň saýasynda ösüşleriň täze belentliklerini nazarlap öňe barýar. Ýaşyl Tugumyz biziň ähli ýeňişlerimiziň, üstünliklerimiziň, ýeten beýik sepgitlerimiziň nyşanydyr. Mukaddes Baýdagymyzdaky Aýy alnyna sylyp, bäş ýyldyzy jebisligiň, agzybirligiň alamaty saýýan halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde hasyl bolan eşretli durmuşyň hözirini görýär.

Merdan Orazmämmedow,
welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.