Zähmetkeşler ussatlygyny görkezdi

22 Maý 2024
541

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly, şeýle-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Sarahs etrabynyň sport mekdebinde woleýbol ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda bolan ýaryşa edara-kärhanalardan we daýhan birleşiklerinden toparlaryň sekizi gatnaşdy.

Zähmetkeşleri sporta giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de güýçli toparlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen ýaryşda “Sarahs” topary birinji, “Aýhan” topary ikinji, “Dagdan” topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Parahat GURDOW,
Sarahs etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň başlygy.