Ýaşajyk ýol gözegçiler bäsleşdiler

22 Maý 2024
301

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepde “Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri” atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen bäsleşige okuwçy ýaşlardan düzülen toparlar gatnaşdy.

Mekdep okuwçylarynyň arasynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz-nesihat etmek, bu boýunça düşünjelerini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik şertleriň birnäçesinden ybarat boldy. Bäsleşige gatnaşan toparlar degişli şertlere laýyklykda nyzamly ýöremek başarnygyny görkezdiler, ýol-ulag hadysalarynda lukmana çenli ilkinji kömegiň ýüze çykan halatynda edilmeli hereketler barada degişli sowallara jogap berdiler, herekete gatnaşyjylaryň borçlary boýunça çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Maksatgeldi KAKABAÝEW,
Ak bugdaý etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.