Şatlyga beslenjek dabaralar

22 Maý 2024
312

Maý aýy baýramlara baýdyr. Ulus-ilimiz 9-njy maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününi, 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uludan belläp geçdi. Sanlyja günden bolsa, Aşgabat şäheriniň güni giňden dabaralandyrylar. Şol şanly günde ak mekdeplerde 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanýandygy bilen baglylykda “Soňky jaň” dabaralary ýaýbaňlandyrylar.

“Soňky jaň” dabaralary mekdep uçurymlary üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki olar bilim-terbiýe alan ak mekdepleri bilen hoşlaşyp, uly durmuşa gadam basýar. Ýurdumyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Gökdepe etrabynda hem öňde boljak dabaralara uludan taýýarlyk görülýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda etrabymyz boýunça ýaşlaryň 1 müň 830-syna mekdep uçurymy bolmak bagty miýesser edýär. Şoňa görä-de, “Soňky jaň” dabaralarynyň guramaçylykly geçmegi, ýaşlaryň durmuşynda ýatda galyjy bolmagy üçin mekdeplerde uçurymlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşyklarydyr düşündiriş işleri geçirildi. Bu zatlar ak mekdeplerde boljak dabaralaryň şatlyk-şowhuna beslenip, hakyky toý ruhunda guramaçylykly geçmegine itergi bolar.

Akmyrat KADYROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň işgäri.