Döredijilik ukyby

21 Maý 2024
530

Adamlaryň ugurtapyjylygynyň, başarjaňlygynyň, zehininiň serhedi ýok. Işini söýýän, hünärine yhlas bilen ýapyşýan adamlaryň täzeçil çemeleşmelerine, gözleglerine, yhlasyna haýran galýarsyň. Olaryň döredijilikli işiniň netijesi-de alkyşa eýe bolup, üstünliklere eltýär.

Jon Lowiç hem işinde döredijilikli zähmet çekip, yhlasy myrat tapan hünärmen. Ol Nýu-Ýorkuň myhmanhanalarynyň biriniň restoranynda konditer-aşpez bolup işleýär. Ol esasan köke we süýji önümlerini taýýarlap, köpçülige hödürleýär. Onuň taýýarlan tagamlaryny dadyp görmek üçin gelýänleriň sany barha köpelýär. Çünki Jon Lowiçiň nygmatlary halkara sergilerinde sergilenip, birnäçe gezek Ginnesiň rekordlar kitabynda hem orun aldy. Dünýä meşhur konditer sergilere «Iň uly köke obasy» atly «eseri» bilen gatnaşyp, köpleri haýrana goýýar. Datly tagamy bilen tapawutlanýan bu «köke obasy» kökeden, dürli görnüşli süýjüden, baldan, şokoladdan, sakgyçdan, kremden, marmeladdan taýýarlanýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Merjen ORAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.