Akyldaryň arzuwlan zamany geldi

21 Maý 2024
391

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly şowhuna beslenýär. Şeýle dabaralaryň birini Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesi etrabyň  jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçirdi. «Magtymguly, nesihatlar kylar sen!» atly dabaraly maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe onuň sarpasynyň belent tutulýandygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň, Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihat, watançylyk temasyndan ýazan şygyrlarynyň okalmagy çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy. Dabaranyň dowamynda etrap medeniýet öýüniň çeper höwesjeňleri ajaýyp döwrümizi wasp edýän hem-de  şahyryň goşgularyna döredilen aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň sergisi has-da täsirli boldy.

Meretdurdy KITÇIMOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.