Woleýbolçylaryň üstünligi

21 Maý 2024
427

Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy 9 — 17-nji maý aralygynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň Woleýbol assosiasiýasynyň Milletler ligasyna gatnaşdy. Türkmen woleýbolçylary alty döwletiň ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda kümüş medala eýe boldular.

Halkara ýaryşda ildeşlerimiz ilkinji duşuşygyny Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndysy bilen geçirdiler. Duşuşyk 3:2 hasabynda eýranly woleýbolçylaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Ýöne ildeşlerimiz ruhdan düşmän, ýeňişli tapgyra badalga berdiler. Gyrgyz ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňen woleýbolçylarymyz Owganystanyň ýygyndysyndan hem 3:1 hasabynda üstün çykmagy başardylar. Deslapky tapgyryň ahyrky duşuşygynda Şri-Lankanyň ýygyndysyny 3:0 hasaby bilen ýeňen türkmen woleýbolçylary halkara ýaryşyň çempionyny kesgitlejek final duşuşygyna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Olar finalda ýer eýeleri — Pakistanyň ýygyndysy bilen duşuşyp, 1:3 hasabynda ýeňildiler we ýaryşy kümüş medal bilen tamamladylar.

Watan ATAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Talyplar sport klubunyň başlygy.