Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

20 Maý 2024
265

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda nebitgaz toplumynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärleri gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň gadymdan gelýän maşgala däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirmek, ýaş nesliň ýaramaz endikleri ýazgarýan, ruhy we beden taýdan sagdyn, ýokary ahlakly şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli ösdürmek we wagyz etmek ugrunda buýsandyryjy işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketlerine işjeň gatnaşýan, milli bilim-ylym, medeniýet we sungat ugurlarynda öz mynasyp orunlaryny eýeleýän, sagdyn düşünjeli, beýik maksatly ýaşlar kemala geldi. Türkmen jemgyýeti sagdynlygyň, ruhubelentligiň we ýaramaz endikleriň, temmäki önümleriniň berk ýazgarylýan jemgyýetine öwrüldi. Bular dogrusynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri öz çykyşlarynda giňişleýin belledi.

«Nebit-gaz».