«Türkmengaz» döwlet konserniniň habarlary

20 Maý 2024
361

«Türkmengaz» döwlet konserniniň tehniki bölümi tarapyndan şu günki güne çenli gaz pudagynda ulanylýan kadalaşdyryjy resminamalaryň jemlenen sanawyny kesgitlemek maksady bilen, konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň alyp barýan işlerinde peýdalanylýan kadalaşdyryjy resminamalaryň umumy sanawy düzüldi. Şol sanawda kadalaşdyryjy resminamalar 911 sany bolup, döwrebaplaşdyrmaga degişlileri seljerilip, olar 114-den ybarat boldy.

Şu günki güne çenli kadalaşdyryjy resminamalaryň jemi 82 sanysy bellenen tertipde resmileşdirildi. Galan 32 sany resminamalaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk getirilmegi üçin edara-kärhanalara degişliligi boýunça bölünip berlip, 2024-nji ýylda 15 sany kadalaşdyryjy resminamany döwrebaplaşdyrmak üçin meýilnama düzüldi we olardan 4 sany resminama bellenen tertipde resmileşdirildi.