Beýik akyldaryň mirasy dünýä ýaýylýar

20 Maý 2024
283

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 18-nji maýda paýtagtymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Onuň esasy maksady meşhur türkmen şahyry Magtymgulynyň edebi-filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden hem-de wagyz etmekden, Gündogar halklarynyň dilleriniň, edebiýatynyň arasyndaky baglanyşygy öwrenmekden ybarat boldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan guralan halkara maslahatyň açylyş dabarasy Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, ylym, medeniýet işgärleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda geçirildi. Şu gezekki foruma ýurdumyzyň ylmy intelligensiýasy bilen birlikde, daşary ýurtlaryň onlarçasyndan ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ugurdaş hünärmenler gatnaşdylar.

«Nesil».