Milli döwletliligiň binýady (Buýsançly köňülleriň kelamy)

20 Maý 2024
388

Agzybir halkymyzyň ýürek arzuwy bilen yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni göwünlerimizi joşdurýan şanly wakalara, taryhy pursatlara hem-de toý-baýramlara beslenýär. Il-ulsumyzyň jebisliginde giňden baýram edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şöhratly senesi munuň buýsançly subutnamalarynyň biridir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Watanymyzyň taryhynda uly ähmiýeti bolan Esasy Kanunymyzyň kabul edilmeginiň hem-de mukaddes tugumyzyň döredilmeginiň 32 ýyllygy giňden baýram edildi. Döwlet nyşanlary halkymyzyň sarsmaz bitewüligini, onuň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we döredijilik ýaly asylly ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Begenç SERDAROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň assistenti.