«Arkadag» topary öňdeligi saklaýar

20 Maý 2024
371

18-nji maýda ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň 16-njy tapgyrynda Marynyň «Energetigini» kabul eden «Arkadag» topary 6-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýnuň 30-njy minudynda Resul Hojaýewiň garşydaş derwezä geçiren goly bilen hasap açyldy. Ondan bary-ýogy 5 minut soň Arzuwguly Sapargulyýewiň derwezä gönükdiren pökgisi «Arkadagy» 2-0 öňe saýlady. 47, 49-njy minutlarda bolsa, gol sany bilen tapawutlanmagy başarýan Didar Durdyýew 2 iki goly öz adyna ýazdyrdy. Begmyrat Baýow 51-nji minutda tapawutlanan bolsa, oýnuň ahyrky nokadyny Mekan Saparow 77-nji minutda geçiren goly bilen goýdy.

Maglumat üçin bellesek, bu möwsümde «Arkadag» futbol topary jemi 14 duşuşyk geçirip, ol oýunlaryň ählisini ýeňiş bilen tamamlady.