Aýdym-sazly dabara

20 Maý 2024
360

«Esasy Kanunym bagta güwämdir, ýaşyl Tugum belent ruhum, senamdyr» diýen at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdepleriniň bilelikde guramaklarynda goşa mukaddesligiň şanly senesi mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda geçirilen dabarada  çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bir senede bellenilmeginiň bu iki mukaddeslige goýulýan belent sarpadygy, olaryň bolsa,  ata Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň agzybirligini we bitewüligini alamatlandyrýan gymmatlykdygy barada nygtadylar.

Dabaranyň dowamynda ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent tutumlaryny, ata Watanymyzyň ösüşlerini, baky bitewüligi wasp edýän aýdymlary dabara ruhubelentlik eçildi.

Jennet GULMYRADOWA,
TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.