Milli gymmatlyklarymyza buýsanjyň beýany

18 Maý 2024
383

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni welaýatymyzda uly ruhubelentlige beslendi. Baýramçylyk güni esasy dabara welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilip, ir säherde uly buýsanç, çäksiz joşgun bilen köpçülikleýin ýerine ýetirilen Döwlet senamyzyň belent owazynyň astynda ýaşyl Tugumyz al-asmana galdyryldy.

Bu ýerde çykyş edenler dabara ýygnananlary ählihalk baýramy bilen tüýs ýürekden mähirli gutladylar. Esasy Kanunymyzyň ýurdumyzyň gazanýan beýik ösüşleriniň berk hukuk binýady, başymyzyň täjine deňelýän Döwlet baýdagymyzyň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň hem-de berkararlygynyň kepili bolup durýandygyny, ýaşyl Tugumyzyň bu günki gün asuda asmanymyzda bagtyýarlygyň nyşany bolup parlaýandygyny buýsanç bilen bellediler. Ajaýyp senäniň agzybirligimizi, bitewüligimizi, parahatçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan Konstitusiýamyza hem-de Döwlet baýdagymyza söýgi-buýsanjyň egsilmezdigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýändigini nygtadylar. Ösüşlere beslenýän ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli durmuşy barada uly alada edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny bildirdiler.

Oguljennet ANNAGELDIÝEWA.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».