Goşa mukaddesligiň şanyna

18 Maý 2024
564

Döwletimiziň sarsmaz binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň  şanly senesi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem uly şatlyk, ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda bellenip geçilýär. Şu mynasybetli tutulýan toýlaryň dabarasy halkymyzyň özygtyýarlylygynyň we berkararlygynyň nyşany bolan Esasy Kanunymyza we buýsanç bilen parlaýan ýaşyl Tugumyza bolan egsilmez söýgini şöhlelendirýär. Munuň şeýledigi goşa mukaddesligiň toýy mynasybetli welaýat merkeziniň gözel künjekleriniň biri bolan baş Baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk dabarasynda hem aýdyň göründi. Welaýat, şäher häkimlikleriniň guramagynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna häkimlikleriň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, halk maslahatynyň agzalary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, ýaşlar gatnaşdylar.