«Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr...»

17 Maý 2024
458

Düýn paýtagtymyzda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we akyldar şahyryň ýadygärligi dabaraly açyldy

Bilşimiz ýaly, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Hemişelik Geňeşi tarapyndan 2024-nji ýyly türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bagtyýar halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralardyr çäreler ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde giň gerime eýe bolýar.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.