Baýramçylyk çäresi

17 Maý 2024
315

Golaýda TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň geňeşi Baýramaly şäherindäki 18-nji orta mekdepde baýramçylyk mynasybetli duşuşyk gurady. «Gözel bardyr gözellerden zyýada» diýlip atlandyrylan çärä mugallymlar hem-de ýokary synp okuwçy gyzlar gatnaşdy.

Duşuşykda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, türkmen halky maşgala ojagyna mukaddeslik hökmünde garaýar. Şonuň üçin hem ýaş nesliň edepli, ilhalar, kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde jemgyýetiň orny uludyr. Ýurdumyzyň röwşen geljeginiň binýadyny tutjak terbiýeli, watansöýüji, bilimli, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek maşgalanyň, bilim ulgamynyň işgärleriniň her biriniň, umuman, ýaşuly nesliň öňünde durýan esasy wezipedir.

Şamuhammet ÇARYÝEW,
TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň hünärmeni.