Azyk senagatynyň sergisi: üstünlikler we mümkinçilikler

17 Maý 2024
363

Şu gün — 17-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň jemleýji güni dowam edýär. Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň wekilleriniň 100-den gowragyny jemlän şu gezekki gözden geçiriliş oba hojalygynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini-de açyp görkezýär.

Sergi azyk senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny alyşmak, maksatnamalaýyn taslamalara maýa goýumlary çekmek we degişli ugurda ygtybarly ulgamy döretmegiň usullaryny işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga oňaýly şertleri döredýär. Sergide daşary ýurt kompaniýalary dürli gaplaýjy enjamlaryny, iýmleri garyşdyrmak üçin gurallaryny, ekiji, ýygyjy, ideg ediji tehnikalaryny, ösümlik ýagyny öndürýän maşynlaryny, guradyjy we sowadyjy ulgamlaryny görkezýärler. Olar gözden geçirilişe gatnaşyjylary ýyladyşhana, maldarçylyk hojalyklarynyň gurluşygynda ulanylýan döwrebap düzümler, ekologiýa babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrýarlar.

Ýazga geçiren Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».