Sanly dünýä — ösüşlere giň ýol

17 Maý 2024
288

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňde goýan gaýragoýulmasyz wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary yzygiderli geçirýäris. Şeýle duşuşyklarda elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar bilen bagly hukuk resminamalarynyň mazmuny ýaş hünärmenleriň, mekdep okuwçylarynyň arasynda giňden düşündirilýär. «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» ady bilen geçirilýän şeýle ähmiýetli duşuşyklarda internetden peýdalanylanda maglumat we kiberhowpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmekligiň esasy talaplaryň biri bolup durýandygy düşündirilýär.

Aziz SEÝIDOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Saýat etrap, şäher bölüminiň döwlet bellige alyjysy.