Goşa mukaddesligiň şanyna

17 Maý 2024
281

Şu günler welaýatymyzyň ähli ýerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni çäreler giň gerime eýe bolýar. Şeýle dabaraly çäreler Türkmenabat şäherindäki Ruhyýet köşgüniň öňündäki we dabaralar meýdançalarynda hem geçirildi. Baýramçylyk çärelerine il sylagly ýaşulular, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri we talyp ýaşlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Joşgunly aýdym-sazly çykyşlara beslenen bu baýramçylyk çärelerinde ildeşlerimiz öz ýürek buýsançlaryny dile getirdiler. Olar halkymyzyň demokratik ýörelgeleri esasynda döwletimiziň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak ugrunda giň maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, ýaşyl Tugumyzyň parahatçylygyň, dost-doganlygyň nyşany hökmünde halkara guramalarynyň belent binalarynyň öňünde parlaýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlarynda halkymyzyň bagtyýar döwrüniň, döwletimiziň halkara derejesinde gazanýan uly üstünlikleriniň we mähriban Watanymyzyň eýeleýän belent sepgitleriniň waspy öz beýanyny tapdy. Döredijilik toparlarynyň berkarar Watanymyzy, ýaşyl Tugumyzy wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň ýüreklerini galkyndyryp, bagtyýar döwrümize bolan buýsanjyny artdyrdy. Baýramçylyk çykyşlarynda halkymyzyň bagtyýar şu gününi we röwşen geljegini berkarar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.