Ylmy-amaly maslahat

17 Maý 2024
288

Goşa mukaddeslige bagyşlandy

Ýakynda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, “Türkmen Tugy agzybirligiň we bitewiligiň nyşanydyr” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatda we onuň bölümlerinde institutyň uly mugallymlary Gülälek Hommadowa, Döwran Nurmuhammedow, mugallymy Allamyrat Annagurbanow, institutyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri Mähriban Orazberdiýewa we beýlekiler çykyş etdiler.