Mör-möjekler näçe metr beýiklige uçup bilýärler?!

17 Maý 2024
277

Tebigaty öwreniji alymlar bu sowalyň jogabyny tapmak üçin uzak ýyllaryň dowamynda mör-möjekleriň ýaşaýyş aýratynlygyny öwrendiler. Netijelere görä, mör-mö­jek­ler adat­ça, 5 müň metr belentlik­den aşak­da ýa­şa­ýarlar. Şeýle-de bolsa, käbir mör-möjege has ýokary belentlikde hem duş gelmek bolýar. Alymlar 5 müň metr belentlikden ýokarda duş gelýän kiçijik uçujylaryň şemalyň, howa akymynyň täsiri bilen ýokary çykýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaý wagtlaýyn bolup, janly-jandarlaryň has ýokary belentlikde ýaşamagy üçin amatly şertler (howa, iýmit) azalýar.

Mör-mö­jek­ler ba­ra­da