Dünýäde her bir halkyň özüne mahsus medeniýeti we ýaşaýyş durmuşy bar. Medeniýetleriň we durmuş şertleriniň köpüsi biri-birine gabat gelýän hem bolsa, käbiri görenleri haýrana goýýar. Şeýle halklaryň biri hem amişler bolup, häzirki zaman durmuş şertlerini düýbünden ret edýärler. Demirgazyk Amerikada ýaşaýan bu halk tehnologik serişdeleri, häzirki zaman ulaglaryny ulanmazdan «XVII asyrda ýaşaýarlar». Taryhy ýerlere we gadymyýete gezelenç etmegi halaýan syýahatçylaryň ünsüni çekýän amiş halky XVII asyryň egin-eşiklerini geýip, oba hojalyk işlerini zähmet gurallary we iş maly bilen ýerine ýetirýärler. Ulag serişdelerinden uzakda ýaşaýan bu halk bir ýere gitmeli bolanlarynda hem at arabasyny ulanýarlar. Gazetimiziň şu sanynda täsin durmuşda ýaşaýan amiş halky barada ýakyndan tanyşdyrmagy makul bildik.
Amişler häzirki zaman tehnologiýalaryny we amatlyklaryny ulanmagy halamaýarlar we tersine ýönekeý durmuş ýörelgesinde ýaşamaga üns berýärler. Olar bu takwa tertip-düzgüne berk eýerip, birnäçe asyrdan bäri dowam etdirip gelýärler. Dini ynançlaryna görä, bu halk ýönekeý ruhy durmuşda ýaşamak ykbalyna ýazylan diýip düşünýär. Amiş halky Amerikanyň 30-a golaý ştatyna ýaýran halk bolup, hemmesinde birmeňzeş düzgünler dowam edýär. Gepleşik dilinde bu halk ýaşaýan sebitine görä, iňlis, nemes dillerinde gepleşýärler. Amişler Amerikanyň iň çalt köpelýän ilat topary bolup, häzirki wagtda 300 müň töweregi amiş halky bar.