Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Ýaponiýada oňyn daşary syýasaty alyp barýan hem-de döretmegiň, ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň Aşgabada şu gezekki saparynyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklar ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Imperatoryna hem-de Premýer-ministrine salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyga, özara hormat goýmaga esaslanýandygyny, onuň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.