Halypalyk mekdebi

15 Maý 2024
291

Türkmenistanyň Döwlet serhediniň goragyny guramakda bildirilýän talaplary harby gullukçylaryň dykgatyna ýetirmek, bu ugurda ýaş serkerdelere halypalyk kömeklerini bermek maksady bilen, serhet birikmeleriniň we serhet galalarynyň ählisinde degişli işler geçirilýär. Serhet galalarynda iş saparynda bolýan tejribeli serkerdeler harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş hem gulluk şertleri bilen gyzyklanyp, olar bilen ýörite okuw sapaklaryny, wagyz-nesihat, terbiýeçilik çärelerini guraýarlar. Şeýle çäreleriň ýygy-ýygydan guralmagy, eziz Watanymyzyň serhet çäkleriniň hemişelik asudalygyna, harby düzgün-nyzamyň pugta berjaý edilmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Gadam ORAZBERDIÝEW,
podpolkownik.

Röwşen ATADURDYÝEW,
uly leýtenant.