Galkynyşly günleriň ýalkymy

15 Maý 2024
333

Arkadagyň bagtyýar nesilleri

Her bir güni şatlyk-şowhuna, toý-baýrama beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ata Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň sagdyn ösüp-ulalmagy, döwrebap bilim almagy, saýlan hünäriniň eýesi bolmagy babatynda ähli mümkinçiliklerdir şertler döredilýär. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde atçylyk bilen gyzyklanýan ýaş nesiller bilen duşuşmagy ýakymly täsirlere baý boldy.