Kämil terbiýe mekdebi

15 Maý 2024
219

Islendik döwletiň hem-de jemgyýetiň okgunly ösüşini gazanmakda maddy we ruhy gymmatlyklaryň sazlaşygy ilkinji zerurlyklaryň biri bolup durýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejeli dabaralara beslenmegi bu mizemez hakykaty ýene bir ýola aýdyň görkezýär. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligine bolan şunuň ýaly ählumumy gyzyklanmalar ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän häzirki döwründe jemgyýetiň ahlak sagdynlygyny berkitmegiň umumadamzat üçin hem naýbaşy wezipe bolup durýanlygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynda örän ýerlikli belläp geçişi ýaly, «Magtymgulynyň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir».

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Watanyň daýanjyna deňelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde paýhas ýüki ýetik şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşyna öwrülen beýik Pyragynyň gymmatly edebi mirasynyň bahasy ýokdur. Bu barada Gahryman Arkadagymyz ady agzalan kitabynda şeýle ýazýar: «Mähriban türkmen topragymyzyň hakyky watançysy, joşgunly we şirin zybanly Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşmedir».

Guwanç Çendirow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.