Dumly-duşdan dürli-dümen

15 Maý 2024
383

Ajaýyp howa menzili

Dünýäde täsin hem özüne çekiji howa menzilleriniň biri-de Singapurda ýerleşýär. Çangi howa menzili dünýäde köp sanly halkara sylaglara mynasyp boldy. 10 gatly binanyň aşakdaky ýarysy ýerastydyr. Onuň ýerleşýän ýerinde döwrebap dynç almak üçinem şertler döredilendir. Bu ýerdäki baglar hasam täsindir. Küýzeleriň, kaktuslaryň, orhideýalaryň, günebakarlaryň, heýkel agaçlaryň, täsinlikleriň, kebelekleriň baglary bar. Toplumyň ortasynda 40 metr belentlikden gaýdýan şaglawuk dünýäde jaýyň içindäki beýik emeli şaglawuklaryň biridir. Ol ýagyş suwlaryndan toplanyp, aýlaw görnüşinde ulanylýar. Ajaýyp şaglawuk dürli öwüşginler bilen ýatda galýar. Terminallaryň arasynda otly hereketi ýola goýlandyr. Çagalar üçin oýun we sport meýdançalary göz öňünde tutulandyr.